2023-nji ýylyň dekabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler
Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-12-01) çykmagy bilen jemi 33 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 20 sany hukuklary artdyrmak, 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 10 sany maglumatlary aýan etmek, 2 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2023-nji ýylyň dekabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi System, Arm, Imagination Technologies, MediaTek, Misc OEM, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 62 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com.
06 Dekabr 2023