Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Chrome 119.0.6045.199 (Linux/Mac), 119.0.6045.199/.200 (Windows) wersiýasyny çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda maglumatlary üýtgetmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Bu täzelenme 7 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2023-6345) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.

30 Noýabr 2023

-
19