2023-nji ýylyň noýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler
Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-11-01) çykmagy bilen jemi 15 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 8 sany hukuklary artdyrmak, 5 sany maglumatlary aýan etmek, 2 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2023-nji ýylyň noýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-11-05) Kernel, Arm, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 22 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
15 Noýabr 2023