Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google Chrome brauzerinde 20 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklyklary düzetmek üçin Chrome 118.0.5993.70 (Linux/Mac), 118.0.5993.70/.71 (Windows) wersiýalaryny çykardy.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.

17 Oktýabr 2023

-
50