Fortinet kompaniýasy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiSIEM, FortiAnalyzer, FortiManager FortiOS, FortiProxy, FortiEDR, FortiMail, FortiClient, FortiGuest, FortiIsolator, FortiADC we FortiWLM önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” ýagdaýyny getirmek we islendik buýruklary ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.
13 Oktýabr 2023