Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-10-01) çykmagy bilen jemi 24 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 10 sany hukuklary artdyrmak, 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 sany maglumatlary aýan etmek, 2 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji we üçünji bölümleri Arm, MediaTek, Unisoc, Qualcomm we System düzüm böleklerinde jemi 27 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Kernel, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

 

10 Oktýabr 2023

-
46