Apple 0-day gowşaklygy aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Apple kompaniýasy önümlerinde 0-day gowşaklygy (CVE-2023-42824) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Bu mesele XNU ýadrosynda ýüze çykaryldy we CVE-2023-42824 identifikatory berildi. Howpsuzlyk täzelenmeleri gurnalmadyk iPhone we iPad enjamlarynda ýaramaz niýetli ulanyjy lokal görnüşde hukuklary artdyrmak üçin peýdalanyp biljekdigini habar berildi. Şeýle hem, Apple kompaniýasy gowşak enjamlarda islendik kod ýerine ýetirmek mümkinçiligi berýän CVE-2023-5217 identifikatorly gowşaklygy aýyrdy.
Apple döredijileri bu gowşaklygy iOS 17.0.3 we iPadOS 17.0.3 wersiýalarynda düzetdiler.
Çeşme: apple.com
10 Oktýabr 2023