Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy.

Cisco kompaniýasy Cisco Catalyst SD-WAN Manager , Cisco Adaptive Security Appliance, Firepower Threat Defense, Cisco IOS, Cisco IOS XE, Cisco DNA Center, Cisco Catalyst 9100 Access Points, Cisco Wireless LAN Controller, Cisco Access Point önümlerine täsir edýän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, maglumatlary aýan etmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, maglumatlary üýtgetmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Cisco kompaniýasy Cisco IOS we IOS XE programma üpjünçiliginde ýüze çykarylan gowşaklyk (CVE-2023-20109) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.

Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz cisco.com.

02 Oktýabr 2023

-
80