Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasynda 3 sany gowşaklyk – howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 24 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 9 – maglumatlary aýan etmek, 3 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2023-36802 - Microsoft Streaming Service Proxy düzüm böleginde hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän gowşaklyk;
  • CVE-2023-36761 - Microsoft Word programmasynyň maglumatlary aýan etmek mümkinçiligi berýän gowşaklyk.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz microsoft.com.

15 Sentýabr 2023

-
51