Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda dört sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-09-01) çykmagy bilen jemi 20 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 10 sany hukuklary artdyrmak, 6 sany maglumatlary aýan etmek, üç sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we bir sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-09-05) Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 12 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com.

 

07 Sentýabr 2023

-
46