Android üçin MMRat zyýanly programma üpjünçiligi ýüze çykaryldy
Trend Micro kompaniýanyň analitiklary Android üçin MMRat atly täze zyýanly programma üpjünçiligi ýüze çykardylar. Zyýanly programma üpjünçiligi döwlen enjamlardan maglumatlary ogurlamak üçin Protobuf (Protocol Buffers) protokoly ulanýar. MMRat programmalaryň resmi dükanlary ýaly görünýän web saýtlarda tapylýar. Ulanyjylar MMRat zyýanly programmalary (bu programmalar köplenç resmi döwlet programmasyna ýa-da sosial programmasyna meňzeýärler) ýükläp, gurnaýarlar we gurnamagyň dowamynda Accessibility service ýaly howply rugsatlara rugsat berýärler. MMRat enjamlar barada giňişleýin maglumaty, şeýle hem şahsy maglumaty, şol sanda tor, ekran we batareýa, gurnalan programmalar we kontaktlaryň sanawy baradaky maglumatlary ýygnap bilýär.
Gözlegçiler Android ulanyjylara diňe Google Play dükanyndan programmalary ýüklemegi we programma gurnalmagyň dowamynda rugsatlar soralanda, seresap bolmaklaryny maslahat berýärler.
Çeşme: bleepingcomputer.com
05 Sentýabr 2023