Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2023-4572) ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklygy düzetmek üçin Chrome 116.0.5845.140 (Linux/Mac), 116.0.5845.140/.141 (Windows) wersiýalaryny çykardy.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
30 Awgust 2023