Fortinet kompaniýasy FortiOS operasion ulgamy üçin täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy FortiOS operasion ulgamynyň (CVE-2023-29182) gowşaklygyny düzetmek üçin täzelenmeleri çykardy. Gowşaklygyň ulanylmagy ýokary hukuklary bolan ýaramaz niýetli ulanyjy üçin ýörite buýruklar arkaly islendik kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär.
Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – fortiguard.com.
28 Awgust 2023