2023-nji ýylyň awgust aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň awgust aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-08-01) çykmagy bilen jemi 32 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Android-programmalary ýerine ýetirmek gurşawynda (Android runtime), Framework, Media Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 13 sany hukuklary artdyrmak, 3 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 12 sany maglumatlary aýan etmek, dört sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2023-nji ýylyň awgust aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-08-05) Kernel, Arm, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 9 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
11 Awgust 2023