TikTok programmanyň gowşaklygy ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny ýygnamak mümkinçiligini berýärdi
Check Point kompaniýanyň gözlegçileri TikTok programmanyň howpsuzlyk meselesini ýüze çykardylar. Tapylan gowşaklyk ulanyjynyň hasaba alyş maglumatlaryna, şol sanda telefon belgisi, şahsy ID belgisi, ulanyjy ady, suraty ýaly maglumatlaryny almak, şeýle hem birnäçe sazlamalaryna, şol sanda akkaunty gizlemek we abuna ýazylmak rugsadyny berýärdi. Häzirki wagtda programma döredijileri howpsuzlyk meselesini aýyrandyklary barada habar berdiler.
Çeşme: xaker.ru
27 Ýanwar 2021