Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Adobe kompaniýasy howply gowşaklygy aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Adobe kompaniýasy ColdFusion  2023, 2021 we 2018 wersiýalary üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Bu täzelenmeler islendik kody ýerine ýetirmek üçin ulanylyp bilinjek howply gowşaklygy aýyrýarlar.

Adobe kompaniýasy CVE-2023-38203 gowşaklygy üçin eksploitlaryň işleýän kodlary (PoC) köpçülige çykarylandygy barada habar berýär.

Ulanyjylara Adobe kompaniýanyň aşakda görkezilen howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - APSB23-41.

Çeşme: adobe.com

18 Iýul 2023

-
35