Zimbra howply 0-day gowşaklygy barada habar berdi
Zimbra döredijileri Zimbra Collaboration Suite (ZCS) poçta serwerlerine ygtyýarsyz girmek üçin ulanylyp bilinjek 0-day gowşaklygy administratorlara el bilen düzetmegi maslahat berýärler.
«Zimbra Collaboration Suite 8.8.15 wersiýasynda maglumatlaryň gizlinligine we bitewiligine zyýan ýetirip biljek gowşaklyk ýüze çykaryldy. Bu gowşaklyk üçin düzedişi iýul aýynyň düzediş toplumyna goşular» - diýip kompaniýada habar berýärler.
Zimbra döredijileri täzelenmeler çykarylýança wagtlaýyn çözgüdi ulanmak maslahat berýärler. Gowşaklyk we wagtlaýyn çözgüt barada goşmaça maglumaty Zimbra howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – zimbra.com.
18 Iýul 2023