Fortinet kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümlerinde howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2023-33308, CVE-2023-28001) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini we wagtlaýyn çözgütleri çykardy. Gowşaklyklar FortiOS we FortiProxy önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.
17 Iýul 2023