Microsoft kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2023-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasynda 33 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 13 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 37 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 19 – maglumatlary aýan etmek, 22 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 7 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleri» alty sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2023-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
13 Iýul 2023