Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2023-nji ýylyň iýul aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýul aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-07-01) çykmagy bilen jemi 23 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 13 sany hukuklary artdyrmak, 2 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, dört sany maglumatlary aýan etmek, dört sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2023-nji ýylyň iýul aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-07-05) Kernel, Arm, Imagination Technologies, MediaTek we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 20 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Kernel, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

06 Iýul 2023

-
31