Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2023-nji ýylyň iýun aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyna 17 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 3 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 32 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 5 – maglumatlary aýan etmek, 10 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, 10 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýän gowşaklyklar we Edge – Chromium brauzerde «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» gowşaklygy girýärler.

2023-nji ýylyň iýun aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 0-day gowşaklyklary bolmadygyna garamazdan, bu täzelenmelere birnäçe öran howply gowşaklyklar üçin düzedişler goşuldy, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2023-29357 - Microsoft SharePoint Server platformasynda hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän gowşaklyk;
  • CVE-2023-32031 - Microsoft Exchange Server önüminiň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2023-nji ýylyň iýun aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

15 Iýun 2023

-
22