Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Chrome 114.0.5735.106 (Linux/Mac), 114.0.5735.110 (Windows) wersiýasyny çykardy. Bu neşirler 2 sany howpsuzlyk gowşaklylary düzedýär, şol sanda ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamda islendik kody ýerine ýetirmek üçin ulanyp bilýän örän howply 0-day gowşaklygy (CVE-2023-3079) hem aradan aýyrýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2023-3079) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.

07 Iýun 2023

-
29