2023-nji ýylyň iýun aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň iýun aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-06-01) çykmagy bilen jemi 23 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 12 sany hukuklary artdyrmak, 3 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, dört sany maglumatlary aýan etmek, dört sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2023-nji ýylyň iýun aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-06-05) Arm, Imagination Technologies, Unisoc, Widevine DRM we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 33 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com.
06 Iýun 2023