Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Android-de örän howply gowşaklygy düzetdi

Google kompaniýasynyň mart aýynda çykaran täzelenmeler toplumy Android ykjam operasion ulgamynda jemi 37 sany gowşaklygy aradan aýyrdy. Bilermenler bu gowşaklyklaryň arasyndan birine aýratyn üns berdiler, sebäbi ol örän howply gowşaklyk derejesine eýe boldy.

Bu aýda düzedilen gowşaklyklaryň içinden iň howplysy diýlip hasap edilen gowşaklyk operasion ulgamyň System atly ulgamlaýyn komponenti bilen baglydyr. Bilermenler bu gowşaklygy CVE-2021-0397 bilen belgilediler we ol Android-yň 8.1, 9, 10 we 11 wersiýalaryna täsir edýär. Bilermenleriň bellemegine görä, CVE-2021-0397 gowşaklygyň kömegi bilen ykjam enjamlarda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligi bar. Şol sebäpden, enjam üçin elýeter bolan halatyna bu düzedişleri ýüklemek maslahat berýär.

Çeşme: anti-malware.ru

03 Mart 2021

-
85