Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2023-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2023-nji ýylyň maý aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 38 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 8 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 4 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 12 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 8 – maglumatlary aýan etmek, 5 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 1 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň maý aýynyň «Sişenbe düzedişleri» üç sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2023-29336 Win32k düzüm böleginde hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän gowşaklyk;
  • CVE-2023-24932 - Secure Boot howpsuz ýükleme funksiýasynyň howpsuzlyk çäklendirmeleri aýlanyp geçmek mümkinçiligi berýän gowşaklygy.
  • CVE-2023-29325 - Windows OLE düzüm böleginde uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2023-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

15 Maý 2023

-
26