Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Fortinet kompaniýasy 2023-nji ýylyň Maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiADC, FortiNAC, FortiOS, FortiProxy önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, maglumatlary üýtgetmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.

05 Maý 2023

-
28