Joker atly zyýanly programma üpjünçiligi ýene-de Google Play Store dükanyna aralaşdy
Google Play dükanynda Joker (Bread) troýany ýükleýän ondan gowrak programmalar tapyldy. Bu zyýanly programma üpjünçiligi premium hyzmatlaryna gizlin abuna ýazýanlygy bilen bellidir. Şeýle hem, bu zyýanly programma üpjünçiligi SMS habarlary, gizlin maglumatlary we kontaktlaryň sanawyny ogurlaýar, bekdor gurnaýar, galp habarlary döredýär we mahabatlary görkezýär.
Bu hereket aşakda görkezilen programmalarda ýüze çykaryldy (häzirki wagtda bu programalar dükandan aýryldy):
com.daynight.keyboard.wallpaper (Keyboard Wallpaper)
com.pip.editor.camera2021 (PIP Photo Maker 2021)
com.light.super.flashlight (Flashlight)
com.super.color.hairdryer
com.super.star.ringtones (Pop Ringtones)
org.my.favorites.up.keypaper
com.hit.camera.pip
com.ce1ab3.app.photo.editor
cool.girly.wallpaper
com.photo.modify.editor (Picture Editor)
com.better.camera.pip (PIP camera – Photo Editor)
com.face.editor.photo (Photo Editor)
com.background.wallpaper.keyboard (Keyboard Wallpaper)
Çeşme: anti-malware.ru
18 Mart 2021