Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Palo Alto Networks kompaniýasy önümlerinde gowşaklyklary aýyrdy

Palo Alto Networks kompaniýasy PAN-OS we GlobalProtect App önümleriniň howpsuzlyk gowşaklyklaryny aýyrmak üçin düzedişleriň çykarylandygy barada habar berdi. Täzelenmeler aşakda görkezilen meseleleri düzedýärler:

  • CVE-2023-0004 – Palo Alto Networks PAN-OS programma üpjünçiliginde howpsuzlyk gowşaklygy bolup, bu gowşaklyk autentifikasiýa barlagyndan geçen ulanyjy üçin ýokary hukuklar bilen ýerli faýl ulgamyndan faýllary aýyrmak mümkinçiligi berýär.
  • CVE-2023-0005 - Palo Alto Networks PAN-OS programma üpjünçiliginde gizlin maglumatlary aýan etmek mümkinçiligi berýän gowşaklyk.
  • CVE-2023-0006 - Windows enjamlary üçin niýetlenen Palo Alto Networks GlobalProtect app programma üpjünçiliginde howpsuzlyk gowşaklygy bolup, bu gowşaklyk ýokary hukuklar bilen ulgam faýllary aýyrmak mümkinçiligi berýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Palo Alto Networks howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - paloaltonetworks.com.

19 Aprel 2023

-
156