Penşenbe, 09 Iýul 2026

CERT-TM

CERT-TM (Computer Emergency Response Team – Turkmenistan), kiberhadysalara garşy hereket etmek boýunça Milli maglumat gözegçilik merkezi Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň düzüm bölegi bolup durýar. CERT-TM, halkara tejribesine laýyklykda, Milli maglumat gözegçilik merkezine berlen gysga atdyr.

Kiberhadysalar baradaky maglumatlary toplamak we olaryň seljermesini geçirmek, kiberhadysalaryň döwlet sanawyny ýöretmek, kiberhüjümleriň we kiberhowplaryň häzirki zaman görnüşlerine garşy göreş boýunça maslahatlary taýýarlamak we Gullugyň resmi saýtynda ýerleşdirmek, kiberhadysalara garşy hereketleri amala aşyrmak meseleleri boýunça Howpsuzlyk hadysalaryna jogap beriş toparlarynyň forumyna gatnaşmagyň çäklerinde daşary ýurt we halkara guramalary bilen bilelikde iş alyp barmak Merkeziň öňünde durýan esasy wezipeler bolup durýar.