«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 20-ne döredilip, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda Ygtyýarly edara edilip bellenen. Gulluk, öz işinde Türkmenistanda maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk çygrynda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuknamalara esaslanýar.
Ýurdumyzda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, maglumat infrastrukturalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrmak, kiberhowplary ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak hem-de netijelerini aradan aýyrmak maksady bilen, degişli edaralaryň işine gözegçilik etmek we olaryň işini utgaşdyrmak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gatnaşmak Gullugyň öňünde durýan esasy wezipeler bolup durýar.